Aşgabatda AFK Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadiony hakyky taryhy wakanyň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde «Arkadag» futbol topary Aziýanyň iň meşhur toparlarynyň biri hasaplanýan «Al-Nasr» bilen duşuşar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu duşuşyga futbol janköýerleriniň aýratyn gyzyklanma bildirjekdigi garaşylýar, sebäbi paýtagtymyzyň stadionynyň meýdançasyna dünýä derejeli futbol ýyldyzlary çykar: Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Jon Duran, Marselo Brozowiç we beýleki meşhur oýunçylar.

Garaşylýan bu duşuşyk diňe bir möhüm sport çäresi bolman, eýsem türkmen futboly üçin taryhy pursat bolar. Ol türkmen futbolynyň taryhynda täze sahypa açyp, halkara futbol meýdançasynda ýurdumyza bolan islegiň artýandygyny tassyklar.

Kuwwat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok