Aşgabatda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) 2025-nji ýylyň netijelerine we geljekki möwsümiň meýilnamalaryna bagyşlanan jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar geçen ýylyň türkmen tennis mekdebi üçin taryhy üstünlikler we halkara derejesinde ykrar edilmeginiň döwri bolandygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Ýeňişler tapgyry Süleýman Hudaýberdiýewiň Saud Arabystanyndaky ýeňşi bilen başlandy, ol baýragyny meşhur tennisçi Rafael Nadalyň elinden aldy. Şonuň ýaly-da, 11 ýaşly Sülgün Işangulyýewa Dubaýda ýeňiş gazandy. : U14 gyzlar topary sebitiň iň güýçli bäşligine girdi, U16 ýetginjek gyzlar bolsa Billi Jin King kubogynyň saýlama tapgyrynda ilkinji gezek şowly çykyş etdiler. 30 ýaşdan uly ýaşlar toparynyň Kanada ýygyndysyny ýeňip, dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy taryhy üstünlik boldy.
Maslahatda sportuň jemgyýetçilik ähmiýetine aýratyn üns berildi. UNICEF bilen baglaşylan Ähtnama esasynda Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalary goldamak we olaryň ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek «Arabaçaly tennis» (Wheelchair tennis) maksatnamasy ýola goýuldy.
Ýylyň dowamynda federasiýa 15 sany täze şahadatnamaly tälimçini taýýarlap, hünärmenleriň umumy sanyny 60-a ýetirdi. Tomus möwsüminde U12 gyzlaryň Özbegistanly deň-duşlaryny ýeňmegi we Aziýanyň finalyna galmagy, şeýle hem 14 ýaşly ýetginjekleriň Tailantdaky halkara bäsleşikde umumy topar hasabynda birinji ýeri eýelemegi taryhy ýeňiş boldy. Güýz paslynda Aşgabat bäş ýurduň tälimçileri üçin ITF Level 2 okuw maslahatyny geçirip, sebitdäki sport merkezi derejesini tassyklady.
Ýylyň jemleýji üstünlikleriniň biri erkekler ýygyndysynyň Bahreýndäki Dewis Kubogynyň (Davis Cup) zolaklaýyn ýaryşynda gazanan ýeňşi boldy. Guamyň toparyny ýeňen türkmen tennisçileri 2026-njy ýyl üçin Aziýa we Umman zolagynyň IV toparyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Maslahatda tapawutlanan türgenlere we tälimçilere hormat hatlary gowşuryldy.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler