«Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň futbol taryhynda ýene-de bir möhüm üstünlik gazanyp, yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi. Şeýlelikde, topar häzirki möwsümde milli çempionatyň altyn medallaryny, Superkubogy hem-de Kubogy gazanyp, täsirli «trebl» — üç sany esasy baýragy bir möwsümde almak üstünligine ýetdi.
Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar final duşuşygynda geçen ýylky kubok finalçysy bolan «Ahal» topary bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu duşuşyk «Arkadag» topary üçin Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky üçünji final bolup, öňki iki finalda-da garşydaş hökmünde «Ahal» topary çykyş edipdi we ýeňiş hemişe Arkadag şäheriniň futbolçylarynyň tarapynda boldy.
Final duşuşygy tamamlanandan soň dabaraly sylaglama çäresi geçirildi. «Arkadag» toparyna Türkmenistanyň Kubogy bilen birlikde futbol boýunça ýurduň çempionatyndaky ýeňşi üçin medallar gowşuryldy.
Sylaglary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwanç Öwekow, onuň orunbasary Nazar Çöliýew we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Juma Jumaýew gowşurdylar.
Gunça BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler