Türkmenistanyň başlangyjy bilen taýýarlanan iki rezolýusiýa BMG-de biragyzdan makullandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen taýýarlanan iki sany rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi: «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orn» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)». Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu hoş habary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda mälim etdi.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny doly goldan BMG-niň ähli agza döwletlerine minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň adyndan Aşgabadyň başlangyçlaryny biragyzdan goldan BMG-ä agza bolan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamalaryň kabul edilmeginiň ýurduň döredijilikli daşary syýasat ugrunyň nobatdaky ykrarnamasydygyny nygtady.

«Biziň ýurdumyz geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda işleri dowam etdirer» diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi we watandaşlaryny bu şanly waka bilen gutlady.

Mejlisiň dowamynda tamamlanýan 2025-nji ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň taryhynda möhüm orun eýelejekdigi nygtaldy. Döwlet Baştutany şeýle hem mejlise gatnaşyjylara durnukly ösüşiň ählumumy meselelerini öňe sürmäge we ýurduň halkara abraýyny berkitmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Nurgözel ÝAZYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok