Türkmenistanly zenan emin Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň final duşuşygynda eminlik etdi

Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen zenanlaryň futbol boýunça final duşuşygynda türkmenistanly FIFA derejeli emin Kristina Bersenýowa eminler toparynyň agzasy hökmünde çykyş etdi.

Ýaryşyň dowamynda birnäçe duşuşykda kömekçi emin bolup işlän türkmenistanly eminiň ýokary hünär derejesini nazara alyp, guramaçylar ony Filippinler bilen Wýetnamyň zenanlar milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen jemleýji duşuşykda kömekçi emin wezipesine bellediler.

Final duşuşygy Tailandyň Çonburi şäherinde geçirildi. Oýun esasy wagtda 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Duşuşygyň ykbalyny oýundan soň bellenen 11 metrlik jerime urgulary çözdi. Bu tapgyrda has takyk çykyş eden Filippinleriň zenanlar ýygyndy topary baş baýragy gazandy. Bu duşuşykda awstraliýaly baş emin Rebekka Durkaunyň kömekçileriniň wezipesini Kristina Bersenýowa bilen laosly Çanthawong Phutsawan ýerine ýetirdiler.

Bellenilişi ýaly, Kristina Bersenýowa şu ýyldan başlap halkara ýaryşlaryna kömekçi emin hökmünde gatnaşyp gelýär hem-de bu onuň AFK-nyň bäsleşiklerine dördünji gezek çagyrylandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanly zenan eminiň şeýle ýokary derejeli halkara finalynda eminlik etmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler ulgamyny ösdürmek, milli eminleri dünýä derejesine çykarmak boýunça alyp barýan ulgamlaýyn işleriniň netijesidir. Häzirki wagtda TFF-niň Eminler bölümi ýaş eminler bilen bir hatarda zenan eminleriniň hem tejribesini artdyrmak maksady bilen tapgyrlaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok