Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çäre Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatyndaky kiçi mejlisler jaýynda geçirilýär.
Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.
Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800137) 36-7-14.
Teswirler