LLDC ýurtlarynda durnukly geljek üçin adam maýasy: BMG-niň LLDC-3 maslahatyň jümmüşünde

Haknazar HALJANOW
“Döwletli Nesibe” kompaniýasynyň direktory
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy
BMG-niň LLDC-3 raýat jemgyýeti forumynyň gatnaşyjysy, Awaza şäheri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň üçünji halkara maslahaty – (LLDC-3), Hazar deňziniň kenaryndaky gözelligi bilen tanalýan Awaza şäherinde geçirildi. Bu çäre dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarynyň ösüş meselesinde umumy ýol kartasyny düzmäge gönükdirilen taryhy waka boldy. Raýat jemgyýeti forumynyň gatnaşijysy hökmünde ýaşlaryň, telekeçileriň we hususy pudagyň ösüşde eýeleýän ornuna bagyşlanan wajyp temalarda çykyş etmäge mümkinçiligim boldy.

Meniň üçin aýratyn täsirli bolan çykyşlaryň biri 1-nji Plenar sessiýa: Adam merkezli ösüş we ekologiýa taýdan durnuklylyk boldy. Bu sessiýa şeýlebir hakykaty nygtady: islenýän özgertmelere diňe adam maýasyna goýlan maýa arkaly ýetip bolýar — bilim, başarnyk, innowasiýa we sosial goldaw arkaly.

Adam maýasynyň ähmiýeti

LLDC ýurtlarynda düzülişli özgertmeleri adam faktoryndan aýry pikir etmek mümkin däl. Bu ýurtlar diňe bir geografiki taýdan ýapyk ykdysadyýetler däl, olar baý medeniýeti, arzuwlary we uly potensialy bolan jemgyýetlerdir. Ýöne köplenç olar dünýä bazarlaryna, döwrebap bilim çeşmelerine we — iň esasysy — hil taýdan ösen adam maýasyny ösdürýän ulgamlara doly mümkinçilik gazanyp bilenoklar.

Bu sessiýada çykyş edenleriň pikirleriniň özeni — ösüş strategiýalarynyň merkezinde adam ösüşiniň durmalydygy boldy. Şunda Hanna Foster, Afrikanyň Demokratiýa we Adam Hukuklary Ugry boýunça Merkeziň ýerine ýetiriji direktory hökmünde eden çykyşynda aýratyn täsir galdyrdy. Onuň sözleri diňe bir zaly däl, eýsem köp ýurtlaryň wekillerini oýlandyrdy.

Hanna Fosteriň çykyşyndan esaslar

Hanna Foster adam hukuklary, bilim we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyny uly ynam bilen beýan etdi. Ol öz çykyşynda: “Adam merkezli ösüş diňe ykdysady maksat däl, bu – ahlak borçdur” diýip belläp, häzirki ösüş syýasatlarynda ýaşlara, zenanlara we jemgyýetden daşda galýan toparlara diňe goldaw alýan däl-de, ösüşiň aktiw gatnaşyjylary hökmünde garalmagynyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem, ol ykdysady ösüşiň tizligine göz ýetirmek üçin adam hukuklarynyň ikinji plana goýulmagynyň howplydygyny belläp geçdi. Demokratiýa prinsiplerinden üzňe ösüş jemgyýetde durnuksyzlyga sebäp bolýar diýip, ol berk nygtady. Eger LLDC ýurtlary ekologiýa taýdan jogapkärçilik bilen bilelikde adam hukuklary boýunça düşünje berýärler we bilim hödürleýärler diýilse, onda olar geljegiň jogapkär liderlerini ýetişdirip bilerler.

Türkmenistandan garaýyş

Telekeçi we Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy hökmünde bu pikirler meniň üçin örän möhümdir. Biziň ýaşlarymyz biziň iň uly baýlygymyz. Emma olar köplenç döwrebap telekeçilik gurallaryna, tejribeli maslahatçylara we hünär taýýarlygyna doly mümkinçilik gazanyp bilenoklar. “Döwletli Nesibe” kompaniýasynyň çäginde biz bu päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çalyşýarys: ýaşlara startup taslamalarynda goldaw berýäris, tehnologiýa geçirijiligini ösdürýäris, ýaşyl ykdysadyýete gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýäris.

Türkmenistanyň LLDC-3 maslahatyna mynasyp eýeçilik etmegi — onuň sebitde durnukly ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça möhüm orny eýeländigini görkezýär. Bu maslahata raýat jemgyýetiniň we telekeçileriň gatnaşdyrylmagy — hakykatdan hem ähli taraplaýyn, netijeli syýasaty kemala getirmegiň ugrunda ädilen möhüm ädimdir.

Umumy jogapkärçilik

LLDC ýurtlary üçin ösüş ýolunyň esasynda senagatlaşan ýurtlaryň ýoluny gaýtalamak däl-de, eýsem öz milli aýratynlygyna, bilimine, ahlagyna, ekologiýasyna we telekeçiligine esaslanýan täze ýol durýar. Adam maýasyna maýa goýmak bu prosesiň goşundy bölegi däl, ol onuň özenidir.

Goý, LLDC-3 maslahatynyň iň möhüm netijeleriniň biri şeýle bolsun: biz Awazada diňe söwda ýollaryny ýa-da syýasatlary maslahatlaşmak üçin däl, eýsem adamlaryň parahatçylyga, gülläp ösüşe we ekologiýa deňagramlylygyna eltýän ýoldugyny aýtmak üçin ýygnandyk.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok