«Arkadag» we «Ahal» Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ýarym finalyna çykdy

Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ugrundaky ýarym final tapgyrynyň ilkinji gatnaşyjylary belli boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

«Arkadag» topary çärýek finalyň jogap duşuşygynda «Nebitçini» 3:1 hasabynda ýeňdi. Balkanabat şäherinde geçirilen oýunda ýeňiş gazanan topardan Begenç Akmämmedow (7-nji minut), Şanazar Tirkişow (13) we Didar Durdyýew (49) dagy tapawutlanmagy başardy. «Nebitçiniň» ýeke-täk goluny Hydyr Ýakubow (43, penaltiden) geçirdi. Ilkinji duşuşykda «Arkadag» 6:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

«Ahal» topary bolsa «Köpetdagy» 1:0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykmagy başardy. Daýanç Meredowyň 8-nji minutda geçiren ýeke-täk goly topara ýeňiş getirdi. Oýnuň 78-nji minutynda «Köpetdag» toparynyň işi has-da çylşyrymlaşdy, sebäbi Batyr Geldiýew gyzyl kart alyp, topary azlykda galdyrmaga mejbur boldy. Ilkinji duşuşyk 0:0 hasaby bilen deňme-deň tamamlanypdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag» toparynyň ýarym finalda çykyş etjek garşydaşy «Aşgabat» – «Altyn Asyr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda belli bolar. «Ahalyň» garşydaşy bolsa «Merw» – «Şagadam» toparlarynyň duşuşygynyň netijesine görä kesgitlener.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok