2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda, Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Ylym – bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda ilkinji çykyş eden Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler we bu ugurda alynyp barylýan işleri barada durup geçdi.
Şeýle-de Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary we Büzmeýin etrap Halk Maslahatynyň agzasy Jahan Pirmuhammedowa ýurdumyzyň ylym-bilim konsepsiýalary barada çykyş etdi. Ol çykyşynda häzirki döwürde bilim ulgamyna döwlet derejesinde uly üns berilýändigini, ýaşlaryň täzeçil pikirlenmegine berilýän mümkinçilikler hem-de bilim beriş strategiýalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin maglumat berdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew hem çykyş etdi. Ol çykyşynda häzirki döwürde täze başlangyçlara goldaw berilýändigini nygtamak bilen bir hatarda, innowasion başlangyçlaryň ösdürilmegi üçin döredilýän şertleriň ähmiýetini aýratyn belledi. Hususan-da, ol häzirki zaman biliminiň ösüşinde “ekosistema” düşünjesine üns berilmelidigi barada çykyş etdi. Onuň belläp geçişine görä, şeýle ekosistemalar ýokary okuw jaýlarynda, tölegli okuw merkezlerinde giňden ornaşdyrylmalydyr. Bu düşünje okuwçylaryň we öwrenýänleriň özbaşdak pikirlenmegine, öz güýjüne daýanyp bilim almagyna, ýalňyşyp öwrenmegine mümkinçilik berýär. Ol ýerde adaty mugallymyň ýerine guramaçylykly bilim gurşawy döredilýär. “Ekosistema” diýip atlandyrylýan bu täze görnüşli okuw gurşawy – ýaşlaryň döredijilikli, telekeçi we innowator hökmünde ösüşine uly täsir edýär.
Soňra bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Gülşat Baýramowa bolsa ylmy maglumatlara elýeterlilik we kitaphana hyzmatlarynyň sanly ulgamda ösdürilişi barada çykyş etdi.
Maslahat gatnaşyjylar üçin täze pikirleriň, tejribeleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda uly ähmiýete eýe boldy. Çärede öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň hem-de telekeçilik başlangyçlarynyň ösdürilmegine täze itergi berer diýlip garaşylýar.
Teswirler