«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli täze Aşgabatda “Güneşli” atly çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy. Bu täze taslama ösüp gelýän ýaş nesil üçin möhüm medeni we bilim ojaklarynyň biri bolar.

Umumy meýdany 4 gektar boljak, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary hem-de tehniki binalary we desgalary öz içine aljak täze merkezde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagy gurnalar hem-de kitaphana döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Gurluşyk işleri 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok