Konstitusiýamyzyň we döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli konsert geçirildi

Ýurdumyzda aýratyn buýsanç bilen bellenilýän baýramlaryň biri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bu ýyl hem uly şatlyk şowhun bilen bellenilip geçildi. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli giň gerimli dabaraly konsert geçirildi. Bahar paslynyň ajaýyp agşamynda üsti açyk sahna meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri ruhy baýlygyň, milli buýsanjyň hem-de halk agzybirliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Konsert maksatnamasy «Başym gurban bolsun Türkmenistana, başym gurban Arkadagly Serdara, başym gurban parlap duran tuguma, başym gurban bolsun Arkadagyma!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Bu çykyşda halkymyzyň döwletimize, onuň nyşanlaryna hem-de ýolbaşçylaryna bolan buýsanjy hem-de hormaty çuňňur duýgular bilen beýan edildi.

Bu baýram ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez hukuk binýadyny düzýän Konstitusiýamyza we döwletimiziň bakylyk nyşany bolan ýaşyl tugumyza çuňňur hormatyň, watansöýüjiligiň we milli buýsanjyň dabarasydyr.

Baýramçylyk dabarasynda Meşhur aýdymçy-sazandalar, folklor we tans toparlary, şeýle hem çagalar toparlary dürli çykyşlar bilen çykyş etdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetiren «Türkmen Baýdagy» atly aýdymy tomaşaçylar tarapyndan joşgun bilen garşylanyldy. Şol bir wagtda «Alkyşnama» we «Alkyş aýdýas Arkadagly Gahryman Serdarymyza» atly çykyşlar hem baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konstitusiýamyz bilen Döwlet baýdagymyz biziň Garaşsyz döwletimiziň mizemez sütünleri bolup, her bir türkmenistanly üçin buýsanjyň hem-de watançylygyň nyşanydyr.

Gurbanjemal KUMIŞIROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok