Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, ýaş diplomatlar we talyplar gatnaşdy.

Maslahatyň maksady – sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boldy. Ol 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konsepsiýasynyň çäklerinde geçirildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli ähmiýetli bolman, eýsem sebitleýin we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegine uly täsir edýän halkara syýasy nusga hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, onuň halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandygyny aýratyn bellediler.

Şeýle hem BMG bilen ýaşlara gönükdirilen taslamalaryň, hususan-da 2025–2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” maksatnamasynyň taýýarlanýandygy aýdyldy. Bu taslamanyň çäklerinde sanly tehnologiýalar arkaly hünär okuw merkezlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Sülgün NEPESOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok