Türkmen edebiýaty Kiýewde wasp edildi

Türkmenistanyň Kiýew şäherindäki ilçihanasy Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli edebi çäre geçirdi. Ilçihananyň habar bermegine görä, bu çärä türkmen ýaşlary hem gatnaşdy.


Dabarada türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň we beýik wekilleriniň eserleri labyzly okaldy. Bu çäre, esasan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde şygryýetiň paýhas çeşmesi hökmünde ähmiýetine üns çekmek maksady bilen guraldy.


Dabaranyň iň täsirli pursatlarynyň biri Magtymguly Pyragynyň “Budur türkmen binasy” atly goşgusynyň dokuz dilde okalmagy boldy. Türkmen, iňlis, german, ukrain we türk dillerinde ýaňlanan bu eser şahyryň öz halkynyň geljegine bolan ynamyny şöhlelendirdi.


Mundan başga-da, dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly eserleri labyzly ýerine ýetirildi. Bu eserlerde parahatçylyk, Bitaraplyk we adamzat gymmatlyklary esasy tema hökmünde öňe sürüldi.


Çäräniň guraýjylary bu edebi duşuşygyň halklaryň arasynda dost-doganlygy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler. Şeýle çäreler Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ileri tutýan garaýyşlaryna hem laýyk gelýär.

Rahmet Çaryyew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok