Dünýäniň täsinliklerine gutarma ýokdyr. Ýer-ýüzünde bolup geçýän ençeme hyýaly hakykatlar bar. Tebigatyň täsinliklerine adamzat heniz doly akyl ýetirip bilenok. Dünýäniň birnäçe künjegi täsinliklere baý. Olardan biri hem gök wulkandyr. Bu wulkandan çykýan lawa gök reňkli bolandygy üçin gök wulkan diýilär. Adaty wulkandan çykýan lawanyň reňki gyzyl reňkli bolýar.
Ol Indoneziýanyň gündogar böleginde Ýawa adasynda ýerleşýär. Ýerli halk oňa ,,api-buri” – gök o:t diýip at beripdirler. Wulkanyň merkezinde diometri bir kilometre barabar bolan kislotaly köl bar. Bu onyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Ol kölüň suwunyň aşagynda magma kenarynda bolsa kükürdiň iň uly gorlary ýerleşýär. Atmosferadaky kisloroda we lawanyň uçgunlaryna sezawar bolanda kükürt aňsatlyk bilen ýanýar we açyk gök reňkli alow emele gelýär. Ol ýerde kükürt şeýle köp welin wulkandan akýan lawa hem gök reňkde bolýar.
Dünýäniň dürli künjeklerinden bu täsinligi görmek üçin jahankeşdeler gelýär. Ýöne bu wulkanyň daş-töwereginde howply gazlaryň köp bolandygy üçin adamlar wulkanyň töweregine golaýlaşyp bilmeýär. Şeýle bolsa hem adamlar bu gözelligi görmekden gaça durmaýarlar. Gök wulkan diňe bir özüne çekijiligi bilen tapawutlanman eýsem ýerli halk bu tebigy baýlygyny ýurdyň ykdysady taýdan ösmegi üçin ulanýarlar. Ýagny ýerli halk kükürt kislotasyny dünýä bazaryna satuwa çykarýarlar. Kükürt kislotasynyna köp talap bildirilýär. Sebäbi bu kislota güýçli kislotadyr.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler