Parahatçylygyň şygary astynda

Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi ýurdumyza mahsus parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň we ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň beýanydyr. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyldaky mejlisinde ýurdumyzyň teklibi esasynda kabul edilip, ähli ýurtlaryň biragyzdan goldawyna eýe boldy.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Halkara derejede geçirilýän çäreler, forumlar we maslahatlar arkaly Türkmenistan ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly goşant goşýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygary Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ýoly bilen baglanyşyklydyr. Ol özüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy bilen ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýly orny tassyklaýar.

Bu ýyly dabaralandyrmak bilen baglanyşykly halkara çäreler 2025-nji ýylda giň gerimde guralar. Täze ýyllaryň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň degişli teklibi makullamagy bilen, bu ýörelge diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň iň möhüm maksatlaryna hyzmat etjekdigini görkezýär.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bütin dünýä halklaryna parahatçylykly ýaşamagyň we ynanyşmagyň gymmatlyklaryny wagyz etmegiň, ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmegiň iň möhüm pursaty bolar. Bu ýörelgä eýerýän Türkmenistan halkara giňişlikde öz oňyn orunlaryny has-da pugtalandyrmaga dowam eder.

Çeşme:turkmenistan.gov.tm

Çynarsoltan TIRKEŞMYRADOWA,
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok