2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar institutynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň italýan diline terjime edilen kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistandaky wekilhanalaryň we daşary ölkelerdeki diplomatik edaralaryň wekilleri, DIM-iň işgärleri, professorlar hem-de talyplar gatnaşdylar.
Dabarany Halkara Gatnaşyklar institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa açyp, Magtymguly Pyragynyň dünýäde türkmen poeziýasynyň abraýyny artdyrmakdaky ornuny hem-de italýan dilinde çykan kitabyň uly ähmiýetini nygtady. Şol bir wagtyň özùnde, Türkmenistanyň Italiýda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow hem-de Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili Karmelo Leone öz çykyşlarynda dostlukly gatnaşyklara bolan guwançlaryny beýan etdiler.
Dabarada Kakajan Janbekow, Saragt Babaýew, Aýsoltan Agamyradowa we Mekan Saparow dagynyň çykyşlary, şhahyrýň eserleriniň halkara derejesinde tanalmagyny ara alyp maslahatlaşdy. UNINT Rim Uniwersitetiniň mugallymy Iwan Melkumýanyň wideoýüzlenmesi-de dabarany has-da baýlaşdyrdy.
Şahyryň kitabynyň italýan dilinde neşir edilmegi, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky medeni we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly goşant boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä medeniýetiniň möhüm bir parçasy bolup durýar, şol bir wagtyň özünde goňşulyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýar.
Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar Milli Lider Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýäde tanatmaga goşan goşantlary üçin alkyş aýtdylar.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler