Halkara tejribe kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogar döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly netijeli häsiýetini bellemek zerurdyr. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy we 2002-nji ýylyň 20-nji awgustynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

2024-nji ýylyň 9–12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynda (AGDA) “Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary” boýunça diplomatik okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuw sapaklary guraldy.

Okuw sapaklarynyň dowamynda her bir ugur boýunça hünärmenler Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy gatnaşyklar, BAE-niň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegi, şeýle-de BAE-niň medeni we ykdysady mümkinçilikleri boýunça sapaklar berdiler.

Okuw sapaklarynyň dowamynda Halypa diplomatlar geňeşiniň başlygy hormatly Doktor Saýid Al Şamsi, Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýumi, Ýakyn Gündogaryň syýasaty bölüminiň başlygy Obaýd Al Dhanhani hem-de AGDA-nyň uly ylmy işgäri doktor Sara Çeheb dagylar öz leksiýary bilen çykyş etdiler.

Okuw sapagynyň çäklerinde BAE-niň medeni dürlüligini içgin öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Bu maksatnama talyplar üçin diýseň täsirli boldy.

Wepa KANAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok