Halk yrymlarynda bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlere uly hormat goýýan ata-babalarymyz hem öz wepaly dostuny — atyny ýanyndan goýmandyr, oňa «dost, syrdaş» diýip ýüzlenipdir. Merdana ýigitler «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyny ezizläpdir, söýüpdir.
Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Bedewleriň waspy edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Müňýyllyklary aşan ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar — behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar.
Ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenýär. At çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar. Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!
Bahtyýar SABYROW,
Daşoguz agrosenagat orta hünar
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler