«Arkadag» futbol kluby Russiýanyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Oýun 18-nji fewralda geçiriler. Duşuşygyň geçiriljek stadiony we başlanjak wagty ýakyn wagtda mälim ediler.

«Pari Nižniý Nowgorod» topary 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, ol 2021-nji ýyldan bäri Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Wladimir Baýramowdan tälim alýan «Arkadag» topary 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýär. Topar şu maksat bilen Türkiýäniň Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» (1:0), Ukrainanyň «Şahtýor» (1:4) we «Dnepr-1» (0:1) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Guwanç HOJABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok