Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda ýaşlar bilen “Kibermedeniýet” boýunça duşuşyklar geçirildi.
Gyzylarbat etrabynyň 28-nji orta mekdebinde geçirilen duşuşygyň diňleýjileri mekdep okuwçylary we mugallymlar hem-de TMÝG-niň Balkan welaýat Gyzylarbat etrap Geňeşiniň wekilleri boldylar.
Şeýle-de Dana bilim merkeziniň Gyzylarbat şahamçasynda, kiberjemgyýetde ýaşlary dogry terbiýelemek, kibermedeniýetli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen “Kibermedeniýet” atly tema boýunça çykyş edildi. Bu ýerde duşuşygyň diňleýjileri bilim merkeziň diňleýjileri boldy.
Geçirilen duşuşyklaryň ikisinde hem TMÝG-niň işjeň agzasy Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby Daýanç Orazgylyjow çykyş etdi. Ýaşlar geçirilen duşuşyklaryň dowamynda sosial ulgamda gündelik durmuşda gabat gelýän kynçylyklar we olary nähili ýol bilen çözmek barada sorag-jogap alyşdylar.
Bu duşuşyklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi we TMÝG-niň Balkan welaýat Gyzylarbat etrap Geňeşliginiň guramagynda geçirildi.
Şeýlede okaň:
Murgap etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Mary şäherinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi
Teswirler