Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän Daşoguz myhmanhanasynda “Hünär ussatlygyna ýetmek üçin 10 müň sagat” we “Kibermedeniýet we hüşgärli nesil” atly temalar boýunça maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan guralan bu duşuşyga Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar.
Ýaşlarda hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew “Hünär ussatlygyna ýetmek üçin 10 müň sagat” temasy boýunça çykyş etdi. Şeýle-de ýaşlarda sosial ulgamlarda özüňi alyp barmagyň endiklerini kämilleşdirmek we kiber howplardan goranmak maksady bilen Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby Yhlas Bekjanow “Kibermedeniýet we hüşgärli nesil” atly temasy boýunça çykyş etdi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri bilen tanyş etmek üçin görkeziliş çykyşy boldy.
Şeýlede okaň:
Daşoguz şäherinde “Kibermedeniýet we hüşgärli nesil”atly duşuşyk geçirildi
Babadaýhan etrabynda “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi
Teswirler