Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi

Balkanabat şäherinde ýaşlar bilen “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk “Kämil Bilim” okuw merkezinde geçirilip, oňa okuw merkeziniň diňleýjileri we Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň wekilleri hem-de tejribeli mugallymlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda geçirilen bu çärede “Kibermedeniýetli ýaşlar”, “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” we “Dil guralmy? hünärmi?” atly temalar boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary Akmuhammet Babekow, Musa Artykow, Toýjan Ýazyýew, Isa Artykow we Nurmuhammet Kurbanow dagylar görkeziliş çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Duşuşykda ýaşlaryň arasynda çykyş edilen temalar boýunça sorag-jogaplar we pikir alyşmalar boldy. Mundan başgada ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri barada tanyşdyrylyş çykyşy edildi.

Şeýlede okaň:
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok