Babadaýhan etrabynda “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi

Babadaýhan etrabynda ýerleşýän 17-nji orta mekdebinde ýaşlar duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ilki bilen üstünlikli tamamlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikleri beýan edýän gysga şekilli ýazgy görkezildi. Soňra bolsa “Ussatlyk üçin 10 müň sagat”, “Dil guralmy? Hünärmi?”, “Kibermedeniýet we hüşgärli ýaşlar” ýaly temalar boýunça Magtymguly adyndaky TDU-niň talyplary Hemra Kakgulyýew we Bähbit Garaýew görkeziliş çykyşlary etdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen pikir alyşdylar.

Kibermedeniýet we hüşgärli ýaşlar

Mekdep okuwçylarynyň we tejribeli mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýat Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi. Mundan başgada ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri barada tanyşdyrylyş çykyşy edildi.

Şeýlede okaň:
Babadaýhan etrabynda “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok