Türkmen karateçileri karatedo boýunça 10 medala eýe boldular

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karatedo boýunça çagalaryň arasyndaky Merkezi Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna 27 türgen wekilçilik etdi. Türkmen wekiliýetiniň üstüni 4 tälimçi we 4 emin ýetirdi. Türkmen karateçileri medallaryň 10-syna eýe çykdylar.

Türkmen ýygyndysy 3 altyn medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Alina Yewdokimowa 8-9 ýaşly türgenleriň arasynda 25 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Medine Gaýlyýewa 10-11 ýaşly türgenleriň arasynda 40 kilograma çenli agramda tutluşyp, birinji orny eýelemegiň hötdesinden geldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Öwezmyrat Sapardurdyýew bolsa 10-11 ýaşly çagalaryň arasynda kata boýunça altyn medal aldy.

Ildeşlerimiz kümüş medallaryň 2-sini gazanmagyň hötdesinden geldiler. Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Baýramgeldi Atadurdyýew 10-11 ýaşlylaryň kata boýunça ýaryşynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýşa Ilgeldiýewa 10-11 ýaşly türgenleriň arasynda kata ýaryşynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Milli ýygyndy toparymyzyň agzalary bürünç medallaryň 5-sine eýe çykdylar. Paýtagtymyzdaky 45-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Rahat Ataýew 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda kata görnüşinden üçünji orny eýelese, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 16-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Gunça Tagansähedowa şol görnüşden 10-11 ýaşlylaryň arasynda öňdäki üçlügi jemledi. Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aleksandra Guzina 10-11 ýaşlylaryň arasynda 35 kilograma çenli agramyň bürünç medalyny gazandy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kyýasgeldi Ýazmyradow 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda 40 kilograma çenli agramdaky bäsleşigi bürünç medal bilen jemledi. Şeýle üstünlige eýe bolmagy Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew hem başardy. Ol bu netijesini 12-13 ýaş türgenleriň arasynda guralan 50 kilograma çenli agaram derejesindäki bäsleşikde gazandy.

Wepa MAKSADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok