«Arkadag» topary çempion

Golaýda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda hem garşydaşlaryndan uly hasap bilen üstün çykyp, çempion bolan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi.

Aşgabadyň «Köpetdag», «Altyn asyr», «Ýedigen», «Nisa», Balkanabadyň «Nebitçi», Änewiň «Ahal», Marynyň «Merw», Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» we Daşoguzyň «Turan» toparlary bu Kubogyň eýeleri bolupdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, taýsyz tagallalary edýär. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir.

Ýurdumyzyň geljegi bagtyýar ýaşlaryň sagdyn bedenli, döwrebap bilimli bolmagy babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Mekan MAKSADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok