Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň göçme kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Golaýda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň göçme kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ýaryş iki toparçada geçirilip, oýunlaryň netijesinde 4 sany topar, ýagny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», «Gala», «Migrasiýa» we «Binagär» toparlary ýarym finala çykmagy başardylar.

Ýarym finalda «Nebitçi» «Galadan», «Migrasiýa» bolsa «Binagärden» üstün çykyp, finala çykdy.

Ýüzlerçe tomaşaçyny özüne ýygnan final duşuşygynda bolsa geljekki nebitçiler Döwlet Migrasiýa gullugynyň toparyny 3;2 hasabynda ýeňip, arzyly kubogyň eýesi boldular.

Döredilenine köp wagt bolmadyk talyplardan düzülen «Nebitçi» topary owadan oýunlary bilen gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe bolmagy başardy.

Emir AMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok