Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş başlandy

23-nji dekabrda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş başlanýar. Halkara Tennis federasiýasynyň talaplary esasynda geçiriljek ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Tennis federasiýasy tarapyndan guralýar.

Onuň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýapyk tennis meýdançalarynda ýaýbaňlandyrylýar. Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyna 2010-njy ýylda doglan hem-de şondan uly türgenler gatnaşýarlar. Bu ýerde welaýatlaryň her biriniň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň 20-den gowrak türgeni özünde jemleýän toparlary çykyş eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýekelikde hem-de jübütlikde geçiriljek ýaryşlara I.Zubkow, B.Mommaýew, B.Mamatrasulow, A.Allakulyýew, N.Aýtbaýew, H.Hojanow we A.Dowmatow eminlik eder. Ýaryş 29-njy dekabrda tamamlanar.

Mähri OMAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok