Türkmen agyr atletikaçysy halkara ýaryşda bürünç medala eýe boldy

Doha şäherinde geçýän (Katar) agyr atletika boýunça II Gran-pri ýaryşyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmaga mümkinçiik berýän bu ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.

2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýaryşlarda türkmen atleti 150 – 188 – 338 kilogram görkeziji bilen çykyş etdi. Ondan öň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ikinji ýeri eýeledi.

Ýaryşyň kümüş medalyny indoneziýaly türgen Rahmat Erwin Abdullah, altyn medalyny bolsa Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Ri Çong Seong eýe boldy.

Katar Döwletinde 13 türkmen türgeni, şol sanda 2020-nji ýylda geçirilen Olimpiýa Oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa wekilçilik edýär. Dohada geçirilýän ýaryşda başga bir türkmen agyr atletikaçysy Bunýad Raşidow hem bürünç medal aldy.

Pirmuhammet GURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok