«Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny hem ýeňmegi başardy

«Arkadag» toparynyň oýunçylary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň soňa geçirilen oýnunda «Aşgabat» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Oýun paýtagtyň «Nisa» stadionynda geçdi.

Milli çempionat tamamlanmazdan dört tapgyr öň ýurduň çempiony bolan «Arkadag» topary üçin bu oýnuň hiç hili ähmiýeti ýok bolsa, bürünç medallar ugrunda göreşýän «Aşgabat» üstünlik gazansa, üçünji orunda barýan Balkanabadyň «Nebitçi» topary bilen aratapawudy 1 utuga çenli azaldyp biljekdi.

Duşuşygyň 7-nji minudynda Hojanazar Gurbanowyň tagallasy bilen «Aşgabat» 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Toparlar şeýle hasap bilen arakesmä gitdiler. Oýnuň ikinji ýarymy başlanandan, 47-nji minutda Abdy Bäşimow hasaby deňledi. Ýene üç minutdan çempionatda iň köp pökgi geçiren Didar Durdyýew «Arkadag» toparyny 2:1 hasabynda öňe çykardy. Şanazar Tirkişow 63-nji we 65-nji minutlarda iki pökgi geçirip, milli birinjilikde ilkinji gezek çykyş eden, çempionatda döwlet derejeli şähere wekilçilik edýän toparyň üstünligini berkitdi.

Şeýlelik bilen, «Aşgabat» toparyny ýeňen «Arkadag» topary 21 oýunda 63 utuk toplady. Kümüş medal gazanan «Altyn asyr» 20 duşuşykda 47 utuk gazandy. «Nebitçi» 21 oýundan soň 34 utuk bilen üçünji orunda barýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag» FK Türkmenistanyň çempionatynyň ahyryna çenli ýene üç oýun oýnar.

Baýramgeldi ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok