Kuraş boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasy, Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Rozykulowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan ilkinji türgen boldy.
63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen zenany final tutluşygynda Hytaý Taýpeýinden Wan-Ting Lini ýeňdi. Şeýlelikde, sport ýolunda ilkinji gezek kuraş boýunça halkara ýaryşa gatnaşan Dinara Rozykulowa bu ýaryşda dünýä çempionlygyna çenli baryp bildi.
Geçen ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym bolan Dinaranyň ozalky halkara üstünlikleri dzýudo we sambo bilen baglydyr. Ol heniz mekdep okuwçysyka Bütindünýä çagalar oýunlarynda dzýudo we sambo boýunça bürünç medallary eýeledi. Tejribeli türgeniň 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda hem altyn medaly bar. Şeýle hem ol şol ýylda Wýetnamda geçirilen Kenarýaka oýunlarynda sambo boýunça bürünç medalyň eýesi boldy.
Gözel ATAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler