Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy (IKA) tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýrtyn üns berilýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara, şol sanda altyn medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri, türkmen türgenleri 243 halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda bolsa, 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň yzygiderli artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Jennet ALLABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok