Ýene-de sanlyja günden güneşli Diýarymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlanar. Uly sport baýramy dünýäniň 50-den gowrak döwletinden türgenleriň 250-ä golaýyny dostluk suprasynyň başyna jemlär. Oňa ýurdumyzdan wekilçilik edýän kuraşçylaryň 15-sinden 8-siniň zenanlardygy buýsandyrýar.
Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda gelip gowşan hoş habar – Türkmenistanyň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy türkmen türgenlerini ýeneki beýik ýeňişlere ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň myhmanlary Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdirilip, olar üçin milli myhmansöýerlik däplerimiz esasynda ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy. Halkara sport ýaryşlarynyň guralýan döwründe, däp bolşy ýaly, bu sport baýramçylygynyň çäginde-de myhmanlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan taýýarlanan meýletinçiler ýakyndan ýardam bererler we olaryň bir topary daşary ýurtly myhmanlaryň ýanynda terjimeçi hökmünde berkidiler.
Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň nyşanynyň merkezinde kuraş bilen meşgullanýan türgeniň şekili türkmen alabaýynyň keşbinde suratlandyrylandyr. Onuň arkasynda ýerleşdirilen Ýer togalagy bolsa bu sport çäresiniň dünýä derejeli ýaryşdygyny aňladýar. Şekilleriň ählisiniň daşyny kuraş sportuna mahsus bolan guşakly halka gurşap alýar. Döwrebaplaşdyrylan şekiller çempionatyň nyşanynyň özboluşly we milli görnüşini emele getirýär.
Mahym ATAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler