Türkmenistan — ösüşiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin giň göwrümli, aýdyň maksatly beýik işleri durmuşa geçirmäge, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň sport abraýynyň Ýer ýüzünde has-da belende göterilmegi üçin başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrebap derejede, täze many-mazmun bilen dowam edýär.

Dünýäde iri halkara sport bäsleşiklerini geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda dürli derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Sport bilen meşgullanmaga türkmenistanlylaryň has köp sanlysyny çekmek üçin sport desgalarynyň gurluşygyna eziz Diýarymyzda uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Sport ulgamyna ylmyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Taryhy döwürde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanmaga berildi. Sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary bolan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sebitde deňi-taýy ýokdur. Paýtagtymyzyň golf-kluby hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumy, awtodromlar, ýaht-klublar we beýleki ugurdaş desgalar dünýäniň iň gowy nusgalary esasynda gurlandyr. Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin hem örän köp işler bitirilýär. Munuň şeýledigine sebitde ilkinji «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şaýatlyk edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan üstünliklere ser salanymyzda, türkmen türgenleriniň döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamyndaky belent ynamyny abraý bilen ödeýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň. Dünýä we yklym çempionatlarynda uly üstünliklere eýe bolýan milli ýygyndy toparlarymyzyň düzüminde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri hem üstünlikli çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiziň köptaraply başlangyçlary esasynda türkmen sportunyň täze üstünlikleriniň şanyna halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň guralmagy, ýeňijilere Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy türgenlerimizi ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermekde, dünýäniň iri ýaryşlarynda Döwlet baýdagymyzy belentde parlatmak ugrundaky täze sport ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Tirkiş ŞALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok