Kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar!

2023-nji ýylyň 23–28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar.

Häzirki wagtda kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 53 ýurtdan türgenler (241), tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar bilen birlikde öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 480 adam ýüz tutdy. Bu-da entek gutarnykly däldir, ýakyn wagtda geçiriljek dünýä çempionatyna uly gyzyklanma sebäpli ol üýtgäp biler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabat şäheri dünýä derejesinde ýene bir iri ýaryş geçirmäge taýýarlanýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Guramaçylyk komitetini döretdi we onuň düzümini tassyklady.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda 15 toplum medal ugrunda ýedi erkek we sekiz zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Merjen BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok