Hepdäniň çarşenbe güni “Aşgabat” stadionynda AFK kubogynyň 2 duşuşygy geçirildi. “Merw” komandasy Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” komandasy bilen, “Altyn Asyr” bolsa Täjiistanyň “Rawşan” komandasy bilen duşuşdy.
Iki oýun hem 1-1 hasap bilen deňlik bilen gutardy.
Güýz ýagşyna garamazdan futbol janköýerleri stadiona tomaşa etmäge geldiler. “Merw” – “Abdyş-Ata” duşuşygyna 12 müň adam tomaşa etmäge gelendigi jarçy tarapyndan mälim edildi.
“Altyn Asyr” – “Rawşan” duşuşygyna öýden göni ýaýlymda tomaşa etdim. Sebäbi yzly yzyna iki oýuna stadionda tomaşa edip öýe gaýdýançaň köp wagt alýar.
AFK Çempionlar Ligasynyň “Ahal” – “Al-Faýha” duşuşygyna garanyňda bu gezek guramaçylyk has ýokary derejede boldy. Meýletinçiler topary her ädim başynda janköýerlere ýolbeletlik etdi, giriş-çykyşlar tertipli geçdi. Gorag işgärleri raýatlar bilen öňki gezekkä kän ýüzleşmediler.
Bize “B” sektordan tomaşa etmek bagty düşdi. “Merwiň” ilkinji uran goluny gönümel görmek nesibe etdi. Dogrusy, oýnuň başyndan bäri toparlaryň ýerini çalşyp oturan ekenik. Sary eşikdäkiler “Merw” topary, ýaşyl eşikdäkiler myhmanlar eken. Biz bolsa tersini oýlap otyrdyk, sebäbi jarçy hiçhili maglumat paýlaşmady, maryly toparyň oýunçylaryna bolsa biziň kän beletçiligimiz ýok.
Oturmakak oturgyçlary çygly süpürgiç bilen arassalamaly bolduk. Sowuk howada stadionyň üçeginiň aşagyna meýne guşlary üýşüpdir, öz hapalaryny ýagdyrypdyr. Menem gaýtmakam öz nesibämi aldym, guşdan üstüme “döwlet” ýagdy.
Bu gezek ýene bir ünsümi çeken zat, arassaçylyk işgärleri durman işlediler. Raýatlaryň ellerine boşan çüýşeleri, zibilleri ýygnap, arassaçylygy ýokary derejede sakladylar.
Görşüňiz ýaly bu makala futbol barada bolmady. Siziň bilen diňeje öz başdan geçiren duýgylarymy paýlaşdym.
Merdan Ataýew
Şeýle-de okaň:
Menzil-menzil ýollar aşdyk, gelip “Aşgabat” stadiona ýetdik …
Teswirler