Menzil-menzil ýollar aşdyk, gelip “Aşgabat” stadiona ýetdik …

Eger bu makala Ahal – Al Feýha futbol duşuşygy barada diýip pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşarsyňyz. Oýun barada herkim öz beýanlaryny, synlaryny paýlaşdy. Men bolsa öz dünýämde bolup geçen zatlary paýlaşjak.

Özüm gaty bir futbolsöýer däl. Emma, näme üçindir şu gezekki halkara duşuşyga hökmän tomaşa etmeli diýen netijä geldim. Töweregimdäkileriň arasynda bolsa bu oýunyň tomaşa edip, etmezlik barada herhili pikirde adam bardy. Halkara duşuşyk bolsa hökmän gidip tomaşa etmeli, teleýaýlymda göni ýaýlymda görseňem bolýar, ýa-da Ýewropa ligasy däl bolsa asla gyzykly däl diýenler.

AFK Aziýa çempionlar ligasyndaky “Ahal” – “Al Feýha” duşuşygynyň wagty azaldygyça aşgabatlylarda bu oýny tomaşa etmäge höwes artyp başlady. Kassada petek gutaran bolmaly, daş töwereginden artykmaç petek soraýanlar köpeldi. Öň bu oýny görmäge gitjek däl diýýänlerem, näme üçindir gidermen boldy.

Menem bu oýuna oglum bilen gitmegi ýüregime düwdüm, ýola çykdyk. Emma bu ýol örän muşakgatly boldy.

“Aşgabat” stadionyna tarap gidýän awtobuslaryň ýygylygy köpelse-de, yzly yzyna birnäçe awtobusy sypdyrmaly bolduk. Münere ýere ýok.

Awtobusa mündük hem welin, golaýlaberenimizde stadiona golaý ýollaryň käbirleri awtoulaglara ýapyldy. Elbetde, howpsuzlyk maksady bilen stadionyň töweregindäki awtoulag hereketini azaltmak zerurlygy döreýär. 40-45 minuda golaý stadiona tarap pyýada ýöremeli bolduk. 

Derdimiz munuň bilen bitmedi. Stadionyň daş töweregi adamdan doly eken. Futbol janköýerleriniň öňki ýyllara garanyňda epesli artandygyna şaýat bolduk. (Oýnuň dowamynda jarçynyň bildirişinde stadionda 19 müň 960-dan gowrak janköýer hasaba alnandygyny belläp geçdi.)

Ilki köpçüligiň arasyndan içeri girmek kyn boldy.  Girenden soňam bolsa oturmaga ýer tapmakda kösençlik çekdik. Gorag işgärleri bilen jedelli pursatlardan soň, her ýerden bölek-bölek ýerlere ýerleşdik. Oglum bilen bir ýerde oturman, aýra ýerde oturmaly bolduk. Men-ä bir oýna seredýän, bir turup oglumyň oturan ýerine. Umuman futbola doly öz ünsümi berip bilmedim. Asyl görüp otursak stadiona 3 sagatdan öňünden barmaly eken. Şol sebäplem ýerler dolup ugrapdyr.

Üýşüp oýna seredip başladyk. Ähli ýadawlyklar, ýapyk ýollar, gorag işgärleri bilen jedeller ýatdan çykdy.

Oýnuň ikinji ýarymynda “Ahalyň” oýunçysy Elman Tagaýewiň uran goly stadiondaky emosiýany ýene göterdi. Futbolyň iň esasy aýratynlygy – emosiýa.

“Ahalyň” ýeňişi elbetde meni begendirdi. Emma hakykatyň hatyrasy üçin bir zady belläp geçmeli. Oýnuň ikinji ýarymynda “Al Feýha” komandasy biziňkilere göz açdyrmady. Top diňe biziň ýarym meýdançamyzyň içinde boldy diýen ýaly. Bu bolsa “Ahalyň” myhmançylykdaky duşuşygyna gowja taýýarlyk görmelidigini aňladýar.

Oýun gutarandan soň stadionyň ses kolonkalaryndan Krug aýdymçy toparynyň “Karakum” aýdymy ýaňlandy. Aýdym-sazyň joşgunyna goşulyp tans hem edip galdyk…

Öýe barýan ýol bolsa, beýle muşakgatly bolmady. Tirkeş-tirkeş awtobuslar bize garaşyp dur.

Hawa, gowja ýadadyk, tolgundyk. Ertir ir bilen çagalar mekdebe gitmeli, bizem işe. (Duşuşyk sişenbe güni, ýagny hepdäniň içinde we gije boldy. Şol sebäpli ertire çenli ýadawlygy aýyrmaly).

Merdan Ataýew

Teswirler

Abdulkerim Muhammedov

Ine muna waka bilen degisli maglumatlary, umumy pikiri beryan makala diyilyar (menin pikirimçe). Makalada dine polojitel pursatlar dalde eysem hakyky hem bolmalysy yali obyektiw sekilde otresatel pursatlar (momentler) dine maglumat bermek yagny awtoryn bu pursatlary tankytlaman, oz pikirini one surman okyjylara gerekli maglumaty alyp ozbasdak netije çykaryp biljek sekilde yazylypdyr. Makala edebiyat dilinde dalde jurnalistika dilininde yazylandygy meni begendirdi we makalany gyzyklanma bilen sonuna çenli okamagyma sebap boldy.

Sportsoyuji

Gutlayas

Sportsoyuji

Menin pikirimce halkara yaryslara futbol.trenerleri we okuwcylary hokman gatnasmaly.Oz yerlerine basga adam.ugratmaly dal

Myrat

😳😳😣,menem şo gün yaramaz halyma futbol gordum