Mary şäherinde “Ýaşlar we häzirki zaman bilim” ady bilen okuw duşuşygy geçirildi

Ýaňy ýakynda “Altyn Göreç” okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynda “Ýaşlar we häzirki zaman bilim” ady bilen okuw duşuşygy geçirildi.

Geçirilien okuw maslahata “Altyn Göreç” okuw merkeziniň diňleýjileri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäheriniň Geňeşiniň wekilleri gatnaşdy.

Okuw maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Berdigylyç Ýazmyradow “Häzirki zaman bilim”, Nyýazmuhammet Begençmuhammedow “90-njy ýyllaryň ýaşlary bilen häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasyndaky tapawut”, Baky Nurmuhammedow “Çagalaryň halkara hukuk goragy” atly temalar boýunça çykyş etdiler. Diňleýjiler bilen özlerini gyzyklandyrýan temalary bilen pikir alyşdylar.

Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, TMÝG-niň Mary welaýat Mary şäher Geňeşiniň hem-de “Altyn Göreç” okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynyň guramagynda geçirildi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok