Aşgabatda ýaş dizaýnerlar duşuşygy geçirildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Diller dünýäsi” dil merkezinde dizaýnerlaryň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar dizaýn ugry bilen gyzyklanýan we şol ugurda işleýän ýaşlar hem-de “Diller dünýäsi” dil merkeziniň birnäçe mugallymlary we diňleýjileri boldy.

Ýaşlaryň arasynda geçen täsirli duşuşykda tejribeli dizaýnerlar Timur Agaýew, Şeker Gurdowa, Jeýhun Kelow, Liliana Saparowa, Jennet Pigamowa, Serdar Paltabaýew çykyş etdiler, iş tejribelerini paýlaşdylar we sorag-jogap alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylylar öz aralarynda iş üstünde gabat gelýän kynçylyklary we olaryň çözgüdi dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşan ýaş dizaýner Mekan Batyrow: “Duşuşyk diýseň täsirli we gyzykly geçdi, öň bilmeýän zatlarymy öwrendim. Şeýle duşuşyklary ýene-de köpräk geçirip, täze öwrenen zatlarymyzy birek-birek bilen paýlaşsak has gowy bolar.”– diýip, öz pikirini bildirdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň hem-de “Täze älem” kitap dükanynyň bilelikde guramagynda bolup geçdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok