Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi

Daşoguz welaýatynyň Ýaşlar guramasynyň binasynda  “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi.

Maslahatyň diňleýjileri mekdep okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäheriniň Geňeşiniň wekilleri boldy.

Pedagogika maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Omar Berdyýew “90-njy ýyllaryň ýaşlary bilen häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda tapawut” atly tema boýunça çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda ýaşlara internet ulgamynda ýerlikli we dogry peýdalanmak hakynda maslahatlar berildi. Mundan başga-da ýaşlar bilen geljekde  saýlap alan hünäriniň eýesi bolmak ugrunda nähili çemeleşmelidigi barada sorag-jogaplar alşyldy.

Pedagogika maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Daşoguz şäher Geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirildi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok