Sarahs etrabynyň 21-nji orta mekdebinde “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi.
Maslahatyň diňleýjileri mekdep okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri boldy.
Täsirli geçen pedagogika maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Akmyrat Geldiýew hem-de Kakageldi Akmyradow “Özüňe bolan ynam” we “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Geljekde öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmak isleýän mekdep okuwçylary, özüni gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar we ussat hünärmen bolup ýetişmek üçin nämeleriň zerurdygy barada peýdaly maslahatlar aldylar.
Pedagogika maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de Sarahs etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň guramagynda geçirildi.
Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi
Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.
Teswirler