Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek baradaky aladalary, durmuşa geçirýän möhüm işleri, öňdengörüjilikli syýasaty bu gün öz miwesini berýär. Ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, okatmagyň we terbiýe bermegiň ýokary şertleri döredilip bina edilen çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, mekdepden daşary çagalar edaralary munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi ýaş nesliň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulaşmagyna, olaryň zehin başarnyklarynyň artmagyna, bilimleriniň kämilleşmegine örän oňaýly täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, döwrebap bilimlerden habarly hem-de tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmen edip ýetişdirmek ugrunda örän oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmekdir, belent maksatlaryň rowaçlygydyr.
Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine oňat ýardam berýär. Şeýle hem sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar.
Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Selbi MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler