Ata-babalarmyzdan gelýän şeýle bir pähim bar. Bir ýylyň aladasyn etseňiz ekin ekiň. On ýylyň aladasyn etseňiz nahal ösdürip ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdiriň diýilýär.
Sişenbe güni biziň Türkmen Döwlet Medeniýet Institudymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň kitap sergisi gurnaldy. Sergi diýseň täsirli geçdi. Esasanam birnäçe dilde terjime edilen daşary ýurt kitaplary kitapsöýüjilerde ýakymly täsirini galdyrdy diýsem ýalňyş bolmasa gerek.
Kitapsöýüjiler bilen şeýle göçme kitap sergileriniň yzygiderli gurnalmagy ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesillere döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek,ylyma we döredijilige ugrukdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesini görkezýär.
Aýjeren Gadamowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Teswirler