«Arkadag» futbol kluby ilkinji oýny ýeňiş bilen tamamlady

Arkadag şäheriniň täze döredilen «Arkadag» kluby golaýda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyndaky debýut oýnunda «Merwi» ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirildi.

«Arkadag» 3 utuk bilen turnir tablisasynda üçünji orna ýerleşdi. Heniz utuk toplap bilmedik «Merw» bolsa sekizinji orunda barýar. Turnir tablisasynda 6 utuk bilen «Köpetdag» liderlik edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag» kluby täze döredilip, ol şu möwsümden Türkmenistanyň çempionatynda we Türkmenistanyň Kubogynda gatnaşýan toparlaryň hataryna goşuldy.

«Arkadag» indiki oýnuny 25-nji aprelde «Köpetdag» bilen oýnar. «Merw» bolsa şol gün «Ahal» bilen duşuşar.

Serdar ŞYHLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok