Mekdep okuwçylary bilen Startup proýektine bagyşlanan duşuşyk

Şu gün Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň geçirmeginde StartUp proýektleri barada tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary Merdan Ataýew bilen Rahymberdi Kerimow çykyş etdiler. Mugallymlar okuwçylara esasan geljekde hünar saýlamak, maşgala gatnaşyklary, däp-dessurlar, watansöýüjilik temalary barada maslahat berdiler. Duşuşygyň dowamynda esasan hem StartUp proýektine üns çekildi. Okuwçylary geçirilýän treýninglere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmen döwlet maliýe institutynyň çäginde 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri “StartUp” ylmy-döredijilik merkezi hereket edip gelýär. Bu merkeziň esasy maksady talyplaryň ylmy döredijilige bolan gyzyklanmasyny döretmek, döredijilikli pikirlenmäni ösdürmek, ylmy täzeçilige, innowasiýa bolan höwesini artdyrmak we berkitmek bolup durýar.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok