Türkmeniň akyldar ogly

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet babatdaky arzuwy amala aşdy. Milli Liderimiz dana şahyryň berkarar türkmen döwleti hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirdi hem-de onuň ömrüni, döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň ýol açdy.

Magtymguly Pyragy beýik şahyr we akyldardyr. Ol türkmen nusgawy edebiýatyny belende göterdi. Onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti ençeme asyrlap watandaşlaryny ruhy tarapdan kämilleşdirip gelýär. Şu günki günde hem onuň şygyrlary halkyň agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. «Berkarar döwlet istärin» diýip, Berkarar döwleti arzuwlap, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň, bitewiligiň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir.

Milli edebiýatymyzy Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip, «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär.

Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen Magtymguly Pyragy hemişe halkyň isleg-arzuwy bilen ýaşapdyr. Beýik akyldaryň arzuwlan döwleti biziň Berkarar döwletimizdir. Bu arzuw bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Türkmen indi beýik ruh, belent buýsanç bilen Berkarar döwletini has-da ösdürýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy durmuşa içgin aralaşyp, her bir zat hakynda mesele gozgaýar, çözgüt agtarýar. Bu meselede oňa Gündogaryň söz ussatlary, pederi Azady hem-de durmuşda duş gelýän ýagdaýlar, wakalar uly täsir edýär. Örküni halka baglan şahyryň milli ruha ýugrulan şygyrlarynda watançylyk, agzybirlik, mertlik, halallyk, päklik, edeplilik öz beýanyny tapypdyr. Şahyryň şeýle mazmunly şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr.

Döwran NURÝAGDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok