Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr. Beýik akyldar özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen dilini we edebiýatyny täze belentliklere göterdi. Nusgawy şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip, örän ýerlikli belleýär.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, XVIII — XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalar arkaly açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp bellemek maksady bilen gol çekilen Karara laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.
Dünýä gowy adamlaryň hasabyna ýaşaýar. Dünýä kämilleriň hasabyna kämilleşýär. Akylly adamlar durmuşdan öwrenenlerini özleşdirýärler, nesillerden-nesillere geçirýärler. Adamzat kowmy diňe şu ajaýyp ýörelgäniň yzyna düşüp, ilkidurmuş ýaşaýyş ýönekeýliginden häzirki zaman ösüş derejelerine ýetmegi başardy. Dünýäde her bir halkyň, her bir milletiň, her bir döwletiň buýsanjyna öwrülen paýhas eýeleri bar. Adamlar olary hiç wagt hakydasyndan aýyrmaýarlar. Çünki olaryň pähim-paýhasy, akyl-parasady ynsan kowmunyň mizemejek mekdebidir. Her bir zat könelip biler, emma paýhas könelmeýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly aýdyşy ýaly: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna beslän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir». Magtymguly Pyragynyň mertebesi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Şahyryň goşgularynyň süňňüni düzýän ajaýyp oý-pikirler, milli parasatlylyk, paýhas, edep-terbiýe bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýär.
Nazanin AKPEROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler