Şygyr äleminiň ussady

Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bütin dünýäde öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi 300 ýyla golaý wagt bäri öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgüsini, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär.

Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragy halkyň şahyry hökmünde dünýä edebiýatynda orun aldy. Şahyryň döredijiligi häzirki wagtda giňden öwrenilýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar.

Aýgözel REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok