Medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä halklaryny parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk ýollaryndan ýöremäge çagyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenem we dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda halkymyzyň ebedi sungaty bolan «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi köňüllere buýsanç paýlaýar. Türkmen dutarynyň we bagşyçylyk sungatynyň ýeten bu belent derejesi ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we bitewiligi bilen ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatynda alyp barýan giň gerimli işleriniň aýdyň netijesi bolup, alnyp barylýan hoşniýetli medeni diplomatiýanyň halkara giňişliginde gazanan nobatdaky belent ýeňşidir. Milletimiziň taryhy aň-düşünjesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan möhüm başlangyçlar mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Gündogar halklarynda dutar diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp saz guraly «du» diýen arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa kiriş diýmekligi aňladýar. Dutaryň kirişi 1930-1933-nji ýyllara çenli çig ýüpekden işip edilýärdi. Soňra ol inçejik simden edilip başlanýar. Dutaryň kirişleri kwarta düzülýär. Dutar ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň ululy-kiçili görnüşleri bar. Onuň inçe ses berýän görnüşine prima, oňa görä ýogyn seslisine alt, has ýogyn ses berýänine bolsa bas dutar diýlip at berilýär. Türkmen halkymyzyň öýleriniň töründen, toýlarynyň joşgunyndan uly orun beren milli dutary asyrlara ýaň salan milli saz guralydyr, onuň şirin mukamy köňülleriň parahatçylyk owazydyr.

Agajan ANNAMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok