Diňe türkmen milletiniň däl, eýsem, tutuş Gündogaryň belli akyldary, dana, filosof şahyr Magtymguly Pyragynyň:
Hor galmasyn puştdan puşdum
Berkarar döwlet istärin —
diýen setirleri bize mälim. Hemişelik Bitaraplyk berkararlygyň binýadydyr. Berkarar döwleti bolsa jebis halkyň döredýändigi taryhy hakykatdyr.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň milli ýörelgelerimizdendir gadymy däplerimizden, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip kämilleşen ahlak sypatlarynyň ählisinden gözbaş alýandygyny bellemek gerek.
Eýsem, parahatçylygy, asudalygy, jebisligi türkmeniň aňrybaş bagt bilendigi baradaky pikir-garaýyşlaryň, ýörelgeleriň gadymy dessanlarymyzyňdyr eposlarymyzyň, taryhy gymmatlyklarymyzyň özenini düzendigi mälimdir.
Halkyň ýene bir milli aýratynlygy kanagatlylygy hem şükranalygydyr. Başynyň dik bolmagy, öý-ojagynyň abatlygy, il-gününiň agzybirligi, ýurdunyň abadanlygy biziň milletimiziň baş baýlyklarydyr. Umuman, türkmen Bitaraplygynyň ruhy-ahlak kökleri halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de milli ýörelgeleri bilen bir bitewüligi düzýär.
Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol diňe bir türkmeniň galagoply eýýamynyň ruhy sütüni däl-de, eýsem, milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy, mukaddes Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, berkarar döwletiniň ruhy kökleriniň özboluşly çeşmesidir. Magtymguly Pyragy Garaşsyzlygyň teşnesi, Bitaraplygyň, berkararlygyň, bagtyýarlygyň we milli bitewüligiň jarçysydyr.
Magtymguly bitewüligiň ýeňilmez güýçdügini, agzybirligiň bagtyýar ýaşamak üçin esasy şertleriň biridigini öz döredijiliginde wasp eden danadyr. Beýik Pyragynyň parasatly pähimleriniň milli güýjüniň, ruhunyň, öwüt-ündewleriniň uzak ýyllar aşyp, bu günlerimize gelip ýetendigine biz buýsanýarys.
Baýram TAGANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler