Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly rowaçlyklara eýe bolýar. Häzirki wagtda dana Pyragynyň eserlerine gyzyklanmalar has-da artýar. Beýik söz ussady Magtymgulynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, arassa ahlaklylyk, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär.
Söz ussadynyň dürli mazmunly eserleri uzak ýyllaryň dowamynda bagşy-sazandalar tarapyndan saza goşulyp, şirin owazly aýdym edilip aýdylypdyr. Akyldaryň eserleriniň hemmesine diýen ýaly aýdymlar döredilipdir. Munuň özi şahyryň eser döredende halkyň ýüregine barýan ýoly ussatlyk bilen yzarlap bilenligidir.
Akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat bähbitli çuň parasata ýugrulan ajaýyp goşgulary biziň her birimiz üçin ruhy hazynadyr. Adamlarda ruhy-ahlak häsiýetleriniň, watançylyk duýgularynyň ösdürilmeginde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň eserleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» kitabynda: «Beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny öňe sürdi» diýip, jaýdar belleýär.
Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň öňe süren garaýyşlary öwüt-nesihat häsiýetli eserlerinde has-da belent derejä göterilendigi mälimdir. Şahyryň baş maksady ahlak taýdan arassa, ene topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän, merdi-merdana, ynsanperwer, ile-güne hemaýat saýasyny salýan şahsyýeti kemala getirmek hakdaky pikirde jemlenipdir. Şahyryň şeýle ündewe eýe bolan şygyrlarynyň aýry-aýry setirleri halk nakyllary bilen sazlaşyp, üstünden nijeme heňňamlar ötse-de, almaz daşy deýin müdimi öwşün atyp, kalplary nurlandyryp gelýär.
Ogulkeýik AMANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler